Şu Kanun Türkmenistanda telewideniýäniň we radionyň işlemeginiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär, Türkmenistanyň çäginde telewideniýe we radiogepleşikler babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) abonent — teleradioýaýradyşyň hyzmatlaryndan peýdalanýan fiziki ýa-da ýuridik şahs;
2) aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma bermek — köpçülikleýin kabul edilmegi üçin teleradioönümleri ýaýradyjy tarapyndan ýaýlyma goýberilýän doly ýa-da üýtgewsiz teleradioönümleriň toplumlarynyň (teleradiogepleşikleriň) ýa-da şeýle toplumlaryň (gepleşikleriň) esasy bölekleriniň ulanylan ýaýradyjy tehniki serişdelere garamazdan kabul edilmegi we şol bir wagtda gaýtadan (ýa-da ýazgyda) ýaýradylmagy. Teleradioönümleriň toplumlarynyň (teleradiogepleşikleriň) terjime edilmegi (dublirlemek ýa-da subtitrler bilen üpjün etmek arkaly), eger ol bu teleradioönümleriň toplumyna (teleradiogepleşige) hukukly eýesiniň razylygy bilen amala aşyrylsa, mazmunyna üýtgetmeler girizmek diýlip hasap edilmeýär;
3) göni ýaýlyma bermek — deslapdan ýazgy we montaž etmezden teleradioönümleriň gös-göni ýaýlyma berlişi;
4) köpçülikleýin paýlaýyş tory — teleradioönümleriň toplumyny emeli hemradan, ýaýlymdan we kabel torundan kabul etmek we olary abonentleriň arasynda paýlamak;
5) telewideniýe we radio (mundan beýläk — teleradio) — tele we (ýa-da) radioýaýlymlarynyň — (mundan beýläk — teleradioönümleriň toplumlarynyň (teleradiogepleşikleriň) döredilmegi (toplanylmagy we (ýa-da) bukjalanmagy) we durmuşda ulanylýan tele we radio kabul edijileriniň kömegi bilen ýaýlym (radioýygylyk), emeli hemra, kabel we beýleki ýaýradyjylary peýdalanmak bilen, adamlaryň çäklendirilmedik topary tarapyndan köpçülikleýin (özbaşdak) kabul edilmegi üçin açyk ýa-da kodlaşdyrylan usul bilen olaryň teleradioýaýradyş tory boýunça ýaýradylmagy;
6) teleradioýaýradyş tory — ýörite rugsat (teleradioönümleri ýaýlyma goýbermäge ygtyýarnama) boýunça kesgitlenilýän we teleradioönümleriň toplumlaryny (teleradiogepleşikleri) ýaýratmak üçin peýdalanylýan ýaýradyşyň tehniki serişdeleriniň jemi;
7) teleýaýlym, radioýaýlym (mundan beýläk — teleradioýaýlym) — teleradioönümleriň ýaýlyma berliş meýilnamasyna laýyklykda döredilen we hemişelik at hem-de bellenilen döwürleýinlik bilen ýaýlyma çykýan degişlilikde teleönümleriň, radioönümleriň toplumlarynyň jemi;
8) teleradioönümleriň toplumy — hemişelik ady bolan we önümiň belli bir teleradioönümleriň ýaýlyma berliş meýilnamasy boýunça teleradioýaýradyjy tarapyndan ýaýlyma berilýän, ýeke-täk döredijilik konsepsiýasy bilen birleşdirilen teleradioönümleriň jemi bolan teleradioýaýlymyň bir bölegi, ol onuň beýleki böleklerine bagly bolmazdan peýdalanylyp bilner;
9) teleradioönüm — guramaçylyk, döredijilik we tematik babatda aýratyn, tamamlanan teleradioönümleriň toplumynyň bir bölegi bolan we ady, ýaýlymynyň möçberi, awtorlyk nyşany bolan teleradioýaýradyş üçin taýýarlanylan we niýetlenilen habarlaryň we materiallaryň jemi;
10) teleradioönümleriň ýaýlyma berliş meýilnamasy — teleradioönümleriň toplumynyň (teleradiogepleşikleriň) sanawyny, yzygiderliligini, adyny, annotasiýasyny, ýaýlyma çykýan wagtyny özünde saklaýan we anyk döwür üçin ýaýradyşyň maksatnamalaýyn konsepsiýasynyň esasy ugurlaryny görkezýän resminama;
11) teleradioýaýradyşyň maksatnamalaýyn konsepsiýasy — önümi ýaýratmagyň çaklanylýan modelini görkezýän, teleradioönümi ýaýratmak üçin ygtyýarnama hökmany goşundy, onda teleradioönümleriň toplumyny (teleradiogepleşikleri) ýaýratmagyň esasy mazmunly häsiýetnamalary (esasy tematikasy, ugry, görnüşleri, žanr gurluşy we beýleki häsiýetnamalary) we şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda olary taýýarlamagyň we ýaýlyma bermegiň aýratynlyklary kesgitlenilýär;
12) teleradioýaýradyjy — teleradioönümini ýaýratmaga ygtyýarnamasy bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs;
13) teleradioýaýradyş signaly — teleradioönümleriň toplumyny (teleradiogepleşikleri) iberýän elektromagnit tolkunlary;
14) teleradioönümleriň toplumyny (teleradiogepleşikleri) öndüriji — ýaýratmak üçin göz öňünde tutulan teleradioönümleriň toplumlaryny (teleradiogepleşikleri) döretmek bilen meşgullanýan fiziki ýa-da ýuridik şahs;
15) telewideniýe we radioönümlerini ýaýradyjy gurama (mundan beýläk — teleradiogurama) — teleradioönümleri ýaýratmaga berlen ygtyýarnamanyň esasynda teleradioönümleriň toplumyny (teleradiogepleşikleri) döredýän (toplaýan we (ýa-da) bukjalaýan) we olary ýaýradyşyň tehniki serişdeleriniň kömegi bilen ýaýradýan ýuridik şahs;
16) teleradioýaýradyş operatory — teleradioýaýradyşyň teleradioönümleriniň toplumlaryny (teleradiogepleşikleri) ýaýlyma bermek hem-de aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma bermek boýunça telekommunikasiýa aragatnaşyk hyzmatlaryny bermäge ygtyýarnama alan aragatnaşyk operatory;
17) ýaýradyşyň tehniki serişdeleri — radioelektron serişdeler we tehniki enjamlar, olaryň kömegi bilen teleradioönümleriň toplumy (teleradiogepleşikler) sarp edijilere ýetirilýär;
18) ýaýlyma bermek — açyk ýa-da kodlanan görnüşde ýerüsti ýaýradyjy enjamlaryň, kabel torlarynyň ýa-da emeli hemralaryň kömegi bilen köpçülikleýin kabul edişlik üçin teleradioönümleriň toplumlarynyň (teleradiogepleşikleriň) ilkinji ýaýradylmagy;
19) ýaýlym wagty — teleradioönümi ýaýratmak üçin ygtyýarnama laýyklykda teleradiogurama tarapyndan teleradioönümleriň toplumynyň (teleradiogepleşikleriň) ýaýlyma berilmeginiň (aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma berilmeginiň) amala aşyrylýan wagty.
2-nji madda. Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de teleradio babatda meseleleri düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.
3-nji madda. Şu Kanunyň hereket ediş çygry
1. Şu Kanunyň hereketi teleradio babatda eýeçiliginiň görnüşlerine, şeýle hem adamlaryň çäklendirilmedik topary tarapyndan köpçülikleýin (özbaşdak) kabul edilmegine niýetlenen teleradioönümleriň toplumlaryny (teleradiogepleşikleri) ýaýratmagyň usulyna garamazdan, Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslarynyň işine degişlidir.
2. Şu Kanunyň düzgünleri, eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça göz öňünde tutulmasa, Türkmenistanyň çäklerinden daşarda durýan we beýleki döwletleriň kanunçylygyna laýyklykda hereket edýän daşary ýurt teleradioýaýlymlary üçin hem, diňe Türkmenistanyň çäginde olaryň teleradioönümleriniň toplumlaryny (teleradiogepleşiklerini) ýaýratmagyň tertibini düzgünleşdirmek babatda ulanylýar.
3. Şu Kanunyň hereketi teleradioönümleri köpçülikleýin kabul etmäge niýetlenmedik, şeýle hem teleradioýaýradyş signallaryny raýatlaryň eýeçiliginde durýan tehniki serişdeler bilen, girdeji almak bilen baglanyşykly bolmadyk, diňe raýatlaryň şahsy hajatlary üçin kabul etmäge niýetlenilen ýapyk görnüşli we ýörite maksatly tehnologik teletorlaryny we geçiriji simli torlaryny döretmegiň we işiniň ýörelgelerini düzgünleşdirýän hukuk gatnaşyklaryna degişli däldir.
4-nji madda. Teleradioýaýradyş babatynda döwlet syýasatynyň ýörelgeleri
1. Teleradioýaýradyş babatynda döwlet syýasaty «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenilişi ýaly, köpçülikleýin habaryň erkinligi, senzuranyň ýolberilmesizligi we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine gatyşmazlyk hem-de erkin köpçülikleýin berilýän habaryň hyýanatçylygyna ýol bermezlik ýörelgelerine esaslanýar.
2. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hökmünde teleradionyň aýratynlygyny hasaba almak bilen, teleradioýaýradyş babatda döwlet syýasatynyň ýörelgelerine şular hem degişlidir:
1) teleradio serişdeleri bilen Türkmenistanyň raýatlarynyň medeni, bilim, ruhy, maglumat we beýleki islegleriniň üpjün edilmegi üçin şertleri döretmek;
2) teleradionyň hyzmatlaryndan peýdalanylanda şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmek;
3) teleradio babatda fiziki we ýuridik şahslaryň işe gatnaşmak hukuklarynyň deňligi;
4) teleradio hyzmatlaryny sarp edijileriň, şeýle hem teleradioýaýradyş babatynda işi amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak;
5) Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan maksatlaryna ýetmekde halky birleşdirmäge ukyply ruhy-ahlak gymmatlyklary teleradioýaýradyş serişdeleri bilen ýurduň ilatyna ýetirmek;
6) teleradioönümleriň toplumynda (teleradiogepleşiklerde) Türkmenistanyň oňyn keşbini döretmek we ony milli (döwlet) we dünýä maglumat giňişliginde öňe ilerletmek;
7) ýurduň teleradioýaýlymlaryny ösdürmek üçin şertleri döretmek, ýurtda öndürilen teleradioönümleriň toplumlarynyň (teleradiogepleşikleriň) önümçiligini we ýaýradylmagyny goldamak;
8) beýleki döwletleriň çäklerinde Türkmenistan barada maglumatlaryň ýerleşdirilmegini giňeltmek;
9) Türkmenistanyň degişli ygtyýarly edaralary bilen şertnama baglaşmazdan daşary ýurt teleradioguramalary tarapyndan Türkmenistanyň çäginde teleradioönümleriniň gös-göni ýaýradylmagynyň amala aşyrylmagyna ýolberilmesizlik;
10) haýsydyr bir döwletleriň özbaşdaklygy üçin, ol ýa-da beýleki halklaryň milli ýa-da konfessional duýgulary üçin masgaralaýjy aýtmalara ýa-da sýužetlere ýol berilýän ýa-da kanunylygyň we ahlaklylygyň talaplaryna garşy gelýän teleradioönümleriň ýaýlyma berilmegine gadaganlyk.
3. Fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny goramak maksady bilen, teleradioýaýradyş babatda döwlet syýasaty aşakdaky ýaly ýörelgelerde hem guralýar:
1) fiziki şahsyň şahsy häsiýetli maglumaty goramaga bolan hukugyny üpjün etmek;
2) olaryň fiziki, akyl ýa-da ahlak ösüşine ýaramaz täsir edýän köpçülikleýin maglumatyň, aýratyn-da, pornografik we (ýa-da) zorlukly häsiýet bilen baglanyşykly ýaýradylýan maglumatyň we ýaramaz endikleri höweslendirýän maglumatyň kämillik ýaşyna ýetmediklere ýaýramagyndan olaryň goragyny üpjün etmek;
3) hakykata laýyk gelmeýän we fiziki şahsyň namysyny hem-de mertebesini kemsidýän ýa-da ýuridik şahsyň işewür abraýyna zyýan ýetirýän ýaýlyma çykan maglumatlaryň ýalana çykarylmagyny fiziki ýa-da ýuridik şahsyň talap etmek hukugy;
4) teleradio babatda kanunçylygyň bozulmagy üçin jogapkärçiligiň girizilmegi.
Görkezilen ýörelgeleri durmuşa geçirmek «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar.
II BAP. TÜRKMENISTANDA TELERADIOÝAÝRADYŞYŇ GÖRNÜŞLERI
5-nji madda. Teleradioýaýradyşyň çelgileri we görnüşleriniň sanawy
1. Teleradioýaýradyşyň görnüşleri şu çelgiler boýunça kesgitlenilýär:
1) ýaýradyşyň tehniki serişdeleri boýunça;
2) eýeçiliginiň görnüşleri boýunça;
3) çäk ýörelgesi boýunça.
2. Ýaýradyşyň tehniki serişdeleri boýunça teleradioýaýradyş aşakdaky görnüşlere bölünýär:
1) analog ýaýlym teleradioýaýradyş;
2) sanly ýaýlym teleradioýaýradyş;
3) emeli hemra teleradioýaýradyş;
4) kabel teleradioýaýradyş;
5) IP-teleradioýaýradyş;
6) Internet-teleradioýaýradyş.
3. Eýeçiliginiň görnüşleri boýunça teleradioýaýradyş aşakdaky görnüşlere bölünýär:
1) döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan esaslandyrylýan teleradioguramalar tarapyndan amala aşyrylýan — döwlet teleradioýaýradyş;
2) ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri we (ýa-da) eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki ýuridik şahslar, şeýle hem özbaşdak teleradioýaýradyjylar bolan fiziki şahslar tarapyndan esaslandyrylýan teleradioguramalar tarapyndan amala aşyrylýan ‒ döwlete dahylsyz teleradioýaýradyş.
4. Çäk ýörelgesi boýunça teleradioýaýradyş şu görnüşlere bölünýär:
1) milli (umumydöwlet) teleradioýaýradyş;
2) ýerli teleradioýaýradyş;
3) serhetýaka teleradioýaýradyş.
5. Türkmenistanda teleradioýaýradyş ulgamyna şu Kanun we teleradio babatynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýän tertipde döredilýän teleradioýaýradyşyň beýleki görnüşleri girip biler.
6-njy madda. Analog ýaýlym teleradioýaýradyş
1. Analog ýaýlym teleradioýaýradyş, bu teleradioýaýradyş signalyny işläp geçmegiň analog usullaryny peýdalanmak bilen teleradioýaýlymlary ýaýratmagyň ulgamydyr.
2. Analog ýaýlym teleradioýaýradyş Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berlen, radioýygylyk spektrini peýdalanmaga rugsatnama bolan mahalynda amala aşyrylýar.
3. Analog ýaýlym teleradioýaýradyş üçin bölünip berlen ýygylyklar döwletiň milli serişdesidir we teleradioýaýradyşyň maksatlary üçin teleradioýaýradyşyň operatoryna berilýär.
4. Sanly ýaýlym teleradioýaýradyşa doly geçilenden soň radioýygylyk spektrini peýdalanmaga bolan rugsatnamalar we analog ýaýlym teleýaýradyşyň maksatlary üçin bolan iş öz hereketini bes edýärler.
7-nji madda. Sanly ýaýlym teleradioýaýradyş
1. Sanly ýaýlym teleradioýaýradyş, bu teleradioýaýradyşyň asyl nusgadaky signalynyň sanlaşdyrylma (gysyş) usulyny peýdalanmak bilen ýerüsti ýaýradyjy beketler arkaly teleradioýaýlymlary ýaýratmak ulgamydyr.
2. Türkmenistanda sanly ýaýlym teleradioýaýradyşyň torlaryny döretmek teleradioýaýradyşyň maksatlary üçin bölünip berlen ýygylyklaryň, radioýygylyklaryň (radioýygylyk ýaýlymlarynyň) zolaklary boýunça teleradioýaýlymlaryň berilmegini üpjün edýän teleradioýaýradyşyň operatorlary tarapyndan amala aşyrylýar.
3. Teleradioýaýlymlar sanly ýaýlym teleradioýaýradyş arkaly ýaýradylanda analog ýaýlym teleradioýaýradyş üçin radioýygylyk spektrini peýdalanmaga bolan rugsatnamanyň esasynda hereket edýän teleradioguramalar artykmaçlyga eýedirler.
4. Sanly ýaýlym teleradioýaýradyşyň milli torlary hökmany tertipde ilat sany azyndan 1000 adam bolan oba ilatly nokatlara çenli ýaýradylýar.
8-nji madda. Emeli hemra teleradioýaýradyş
1. Emeli hemra teleradioýaýradyş hemra aragatnaşyklarynda ýerleşdirilýän aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beketler we tele ýa-da radioýaýradyş hemra ulgamlarynyň ýerüsti beketlerini peýdalanmak arkaly teleradioýaýlymlary ýaýratmagyň ulgamydyr.
2. Emeli hemra teleradioýaýradyş aşakdaky ileri tutulýan ugurlar boýunça amala aşyrylýar:
1) Türkmenistanyň bütin çäginde we ilkinji nobatda oba we uzakdaky ilatly nokatlarda teleradioýaýradyş signallaryny ýaýratmak;
2) ýurduň we daşary ýurt döwletleriniň teleradioguramalarynyň arasynda teleradioönümleriniň toplumlaryny (teleradiogepleşiklerini) alyşmak;
3) hususy abonentler we köpçülikleýin paýlaýyş torlary bilen milli (umumydöwlet) teleradioýaýradyjylaryň teleradioönümleriniň toplumlaryny (teleradiogepleşiklerini) kabul etmek.
9-njy madda. Kabel teleradioýaýradyş
1. Kabel teleradioýaýradyş kabel we ýaýlym-kabel torlary arkaly teleradioýaýlymlary ýaýratmak ulgamydyr.
2. Kabel toruny döretmek, ösdürmek, kämilleşdirmek, kabel ýaýradyşyň signallar ulgamyny ulanmak, teleradioýaýradyşyň ýygylyklaryny we ýaýlymlaryny ulanyşa bermek ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli ygtyýarly edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
10-njy madda. IP-teleradioýaýradyş
IP-teleradioýaýradyş kompýuter ulgamlary we torlary üçin häsiýetli IP-niň işleýiş usullary hem-de tehnologiýalary arkaly teleradioýaýlymlary ýaýratmak ulgamydyr.
11-nji madda. Internet-teleradioýaýradyş
Internet-teleradioýaýradyş Internet torunyň serişdeleri arkaly teleradioýaýlymlary ýaýratmagyň ulgamydyr.
12-nji madda. Milli (umumydöwlet) we ýerli teleradioýaýradyş
1. Milli (umumydöwlet) teleradioýaýradyş Türkmenistanyň ilatynyň azyndan 90 göterimine elýeter bolan ýaýradyşdyr.
2. Ýerli teleradioýaýradyş ygtyýarnama bilen kesgitlenilen hyzmat ediş zolagynyň ilatynyň azyndan 90 göterimine elýeter bolan ýaýradyşdyr.
13-nji madda. Serhetýaka teleradioýaýradyş
1. Serhetýaka teleradioýaýradyş, munuň özi teleradioýaýradyş bolup, onda teleradioýaýradyşyň örtüş zolagy bir ýa-da birnäçe daşary ýurt döwletleriniň çägini öz içine alýar.
2. Türkmenistanyň çäginden ýa-da çägine serhetýaka teleradioýaýradyş baglaşylan halkara şertnamalarynyň esasynda amala aşyrylýar.
III BAP. TÜRKMENISTANDA TELERADIOÝAÝRADYŞ ULGAMY
14-nji madda. Teleradioýaýradyşyň subýektleri
Teleradioýaýradyşyň subýektlerine teleradioýaýradyş babatda işi amala aşyrmak hukugyna degişli ygtyýarnamasy bolan teleradioýaýradyjylar we teleradioýaýradyşyň operatorlary degişlidir, olar jemlenişip, Türkmenistanda teleradioýaýradyş ulgamyny düzýärler.
15-nji madda. Teleradioguramalar, olaryň hukuklary we borçlary
1. Türkmenistanda teleradioýaýradyşyň esasyny teleradioguramalar düzýärler, olar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda esaslandyrylan teleradioönümleriň toplumlaryny (teleradiogepleşikleri) ýaýratmagyň usulyna garamazdan döwlet, hususy we eýeçiligiň gaýry görnüşinde bolup biler.
2. Teleradiogurama döwlet tarapyndan bellige alnan we teleradioýaýradyş hukugyna bolan ygtyýarnamany alan gününden hukuk ukyplylygy ýüze çykýan ýuridik şahs hökmünde döredilýär.
3. Teleradioguramanyň ady onuň işiniň görnüşine bolan görkezmäni özünde saklamalydyr.
4. Eýeçiliginiň görnüşine we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan ähli teleradioguramalar deň hukuklara eýedirler we kanunyň öňünde birmeňzeş jogapkärçilik çekýärler.
5. Teleradioguramalar aşakdaky hukuklara eýedirler:
1) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde öz tertipnamalaýyn işini amala aşyrmak üçin eýeçiliginiň görnüşine garamazdan döwlet edaralaryndan, kärhanalardan, edaralardan, guramalardan zerur maglumaty almaga;
2) teleradioönümleriň toplumlaryny (teleradiogepleşikleri) taýýarlamaga we ýazgyda ýa-da göni ýaýlymda bermäge, olaryň audio-wideo ýazgysyny köpeltmäge, satmaga ýa-da kärendesine bermäge;
3) mahabat işi bilen meşgullanmaga;
4) öz teleradioönümleriniň ýaýlyma berliş meýilnamsyny çap etmäge ýa-da bu hukugy üçünji şahsa bermäge;
5) hukuk eýeleri bilen öz gol çeken şertnamalary bilen berilýän ygtyýarlyklaryň çäklerinde öz ýaýradýan teleradioönümlerine (şol sanda filmlere) bolan awtorlyk hukugyna eýelik etmäge;
6) beýleki teleradioýaýradyjylaryň teleradioönümleriniň toplumlaryny (teleradiogepleşiklerini) diňe olaryň resmi razylygy bilen peýdalanmaga. Haçan-da beýleki teleradioýaýradyjylaryň teleradioönümlerinden gysgaça bölekler (her bir teleradioönümlerden 20 sekuntdan köp bolmadyk ýa-da her bir filmden 5 minutdan köp bolmadyk gysgaça bölekler) alnanda, şeýle hem okuw maksatlarynda peýdalanmak üçin razylyk talap edilmeýär;
7) tertipnamalaýyn borçlaryny ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki zerur iş bilen meşgullanmaga.
6. Teleradioguramalar şulara borçludyrlar:
1) Türkmenistanyň kanunçylygyny berjaý etmäge;
2) obýektiw maglumaty ýaýratmaga;
3) beýleki teleradioguramalaryň teleradioönümleriniň toplumlaryny (teleradiogepleşiklerini) ýaýratmakda we kabul etmekde päsgelçilikler döretmezlige;
4) teleradioýaýradyşyň tehniki ölçegleriniň talaplaryny berjaý etmäge;
5) mahabat işiniň we hemaýatkärligiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen kadalaryny ýerine ýetirmäge;
6) ähli halklaryň milli mertebesine, milli özboluşlylygyna we medeniýetine hormat bilen garamaga;
7) öz adyndan jar etmezlik şerti bilen maglumaty ýa-da beýleki materiallary beren adam hakyndaky maglumatlary resminama tassyklamasynyň esasynda syr edip saklamaga;
8) kazyýetde işi seredilýäniň bigünälik prezumpsiýasyny bozýan materiallary ýaýratmazlyga;
9) raýatyň razylygy bolmazdan onuň şahsy durmuşy hakyndaky maglumaty, eger bu maglumat jemgyýetçilik zerurlygy bolup durmasa, jar etmezlige. Eger kazyýet raýatyň şahsy durmuşy hakyndaky maglumatyň ýaýradylmagyny jemgyýetçilik zerurlygy diýip bilmeýändigini ykrar etse, ahlak taýdan ýetirilen zyýanyň we maddy ýitgileriň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde öwezi dolunýar;
10) nädogry diýlip ykrar edilen, ýaýradylan maglumatyň ýalana çykarylmagy baradaky maglumatlary bermäge;
11) teleradioönümleriň toplumlarynyň (teleradiogepleşikleriň) tematik dürlüligini üpjün etmäge;
12) pornografik materiallary ýaýratmazlyga;
13) ýaýlym wagtynda hünär etikasyny berjaý etmäge;
14) şu Kanun bilen bellenilen beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.
7. Teleradioguramalaryň işgärler toplumy şulardan durýar:
1) döredijilik işgärleri (teleradiožurnalist, prodýuser, režissýor, ssenariçi, dizaýner, nakgaş, teleradioönümleriň (teleradiogepleşigiň) ýolbaşçysy we beýleki döredijilik işgärleri), olar wezipe sanawynda ýa-da wezipe sanawyndan daşary esasda maglumaty ýaýratmak üçin professional derejede ýygnaýarlar, alýarlar, döredýärler we taýýarlaýarlar;
2) beýleki teleradioişgärler (administratiw-dolandyryjylyk, tehniki, hojalyk we beýleki işgärler), olar öz hünär işiniň häsiýeti boýunça we wezipe borçlaryna laýyklykda, teleradioönümleriň toplumlarynyň (teleradiogepleşikleriň) döredilmegine we ýaýradylmagyna gatnaşýarlar.
Teleradioguramalaryň işgärleriniň zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
Teleradioguramalaryň işgärleri Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda, zähmet şertnamasynda we köpçülikleýin şertnamada (ylalaşykda) göz öňünde tutulan hukuklardan peýdalanýarlar we borçlary ýerine ýetirýärler.
Teleradio babatda işi amala aşyrmak üçin professional işgärleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünärini ýokarlandyrmak dürli kysymly we görnüşli degişli hünär bilim edaralarynda amala aşyrylýar, olaryň işlemegi bilim babatda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. Teleradioguramalar döredijilik işgärlerini we beýleki işgärlerini gaýtadan taýýarlamak we hünärini ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döredýärler.
16-njy madda. Döwlet teleradioguramalary
1. Döwlet teleradioguramalary döwlet häkimiýetiniň edaralary tarapyndan esaslandyrylýar.
2. Döwlet teleradioguramalary guramaçylyk-hukuk — döwlet kärhanasy görnüşinde döredilýär.
3. Döwlet teleradioguramalarynyň esasy wezipeleri şulardyr:
1) Türkmenistandaky we daşary ýurtlardaky syýasy-jemgyýetçilik we beýleki wakalar hakynda, ilatyň ömrüne ýa-da saglygyna wehim salýan adatdan daşary wakalar we ýagdaýlar hakynda telegörüjilere we radiodiňleýjilere dessin habar bermek, resmi wakalary halka ýetirmek, döwlet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň çözgütlerini düşündirmek;
2) jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine jogap berýän ykdysady, publisistik, medeni-bilim, lukmançylyk, çeperçilik, bilim, güýmenje, sport we beýleki teleradioönümleriň toplumlaryny (teleradiogepleşikleri) döretmek we ýaýratmak;
3) ýurduň ilatynyň agzybirliginiň, raýat parahatçylygynyň we raýdaşlygynyň aýalyp saklanylmagyna we pugtalandyrylmagyna ýardam etmek;
4) žurnalistikanyň ýokary standartlaryny, hususan-da, özgäniň pikirine sabyrly garamak bölegini, her bir adamyň hukuklaryna hormat goýulmagyny üpjün etmek;
5) ilatyň dürli milli, sosial, ýaş we beýleki toparlarynyň pikirlerini erkin aňlatmak üçin deň mümkinçilikleri bermek;
6) Türkmenistanyň halkara aragatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, dünýäde onuň abraýynyň artmagyna ýardam etmek.
4. Döwlet teleradioguramalaryny maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, mahabatdan gelýän girdejileri hem goşup öz girdejileriniň we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar.
5. Döwlet teleradioguramalary öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan we kanunlaryndan, teleradio babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanan teleradioguramalar hakynda düzgünnamadan goldanýarlar.
17-nji madda. Jemgyýetçilik teleradioguramalary
1. Jemgyýetçilik teleradioguramalary raýat jemgyýetiniň gatnaşmagynda döwlet häkimiýet edaralary, ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan döredilýär.
2. Jemgyýetçilik teleradioguramalary tarapyndan öz teleradioönümleriniň toplumlarynyň (teleradiogepleşikleriniň) ýurduň ilatyna berilmegi meýletindir.
3. Jemgyýetçilik teleradioguramalary döredilende olaryň esaslandyryjylary, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ýurduň ilaty tarapyndan şeýle teleradioguramalaryň işini maliýeleşdirmegiň meselelerini abonent töleginiň hasabyna çözüp bilerler.
4. Jemgyýetçilik teleradioguramalary telekeçilik işi bilen meşgullanmak hukugyna eýe däldirler we diňe täjirçilik däl hojalyk işini amala aşyrýarlar.
5. Jemgyýetçilik teleradioguramalaryny dolandyrýan edaralaryň işiniň meseleleri, döretmegiň tertibi şu Kanunyň düzgünlerini hasaba almak bilen, olaryň tertipnamalarynda düzgünleşdirilmäge degişlidir.
18-nji madda. Hususy teleradioguramalar
1. Raýatlaryň maglumat isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, eýeçiligiň döwlete dahylly bolmadyk görnüşindäki fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslar hususy teleradioguramalary döretmäge haklydyrlar.
2. Hususy teleradioguramalary döwlet tarapyndan bellige almak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
3. Hususy teleradiogurama Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik ähli çeşmeleriň hasabyna maliýeleşdirilip bilner.
19-njy madda. Teleradioýaýradyşyň operatorlary
1. Teleradioýaýradyşyň operatorlary ýaýlym, kabel, emeli hemra teleradioýaýradyş arkaly teleradioýaýlymlaryň ýaýlyma berilmegini we (ýa-da) aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma berilmegini üpjün edýärler.
2. Teleradioýaýradyşyň operatorlary:
1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, teleradioguramalar bilen baglaşylan şertnamalaryň esasynda teleradioýaýlymlary ýaýlyma bermegi we (ýa-da) aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma bermegi amala aşyrýarlar;
2) teleradioýaýradyşyň toruny ulanmagyň tehniki kadalaryna laýyklykda, ýaýlyma bermegiň we (ýa-da) aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma bermegiň hil derejesini üpjün edýärler;
3) teleradioýaýradyşyň tehniki ölçegleriniň talaplaryna laýyklykda, teleradioýaýlymlary ýaýlyma bermegiň we (ýa-da) aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma bermegiň tehniki hilini üpjün edýärler;
4) teleradioönümleriň toplumlarynyň (teleradiogepleşikleriň) mazmunyny üýtgetmezden teleradioýaýlymlaryň ýaýlyma berilmegini we (ýa-da) aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma berilmegini amala aşyrýarlar;
5) diňe Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda bellige almak amalyny geçen daşary ýurt teleradioýaýlymlaryny ýaýlyma berýärler we (ýa-da) aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma berýärler;
6) erkin, elýeter teleradioýaýlymlary ýaýlyma berýärler we (ýa-da) aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma berýärler;
7) şertli elýeter teleradioýaýlymlary ýaýlyma berýärler we (ýa-da) aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma berýärler;
8) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde resmileşdirilen laýyklyk sertifikatlary bolan teleradioýaýlymlary ýaýratmak üçin tehniki serişdeleri peýdalanýarlar.
3. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary bilen teleradioýaýradyşyň milli operatory döredilip bilner, onuň üstüne eýesi bolan döwlet tarapyndan teleradioýaýradyşyň milli toruny saklamak we ony ösdürmek boýunça wezipeler ýüklenilýär.
4. Teleradioýaýradyşyň milli operatory:
1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, teleradioguramalar bilen baglaşylan şertnamalaryň esasynda teleradioguramalara teleradioýaýradyşyň milli toruny peýdalanmagyň deň hukugyny berýär;
2) Türkmenistanyň tutuş çäginde hökmany teleradioýaýlymlaryň ýaýramagyny üpjün edýär;
3) erkin we şertli elýeter teleradioýaýlymlary ýaýlyma berýär we (ýa-da) aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma berýär;
4) teleradioýaýradyşyň milli torunyň ýeke-täk emläk toplumynyň abat saklanylmagyny üpjün edýär;
5) teleradioýaýradyş babatda öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda teleradioýaýradyşyň milli toruny ulanýar, şeýle hem ösdürýär we kämilleşdirýär;
6) teleradioýaýradyş babatda beýleki hyzmatlary edýär.
IV BAP. TELERADIOÝAÝRADYŞYŇ GURALYŞY
20-nji madda. Teleradioýaýradyşyň maksatnamalaýyn konsepsiýasy
1. Teleradioguramanyň hökmany tertipde teleradioýaýradyş maksatnamalaýyn konsepsiýasy bolmalydyr.
2. Teleradioýaýradyşyň maksatnamalaýyn konsepsiýasy şulary kesgitleýär:
1) jemgyýetiň oňyn fiziki, akyl we ahlak ösüşine niýetlenen teleradioönümleriň toplumlaryny (teleradiogepleşikleri) ýaýratmak syýasatyny;
2) öz öndüren teleradioönümleriniň toplumlarynyň paýyny;
3) milli audiowizual önümiň iň az paýyny;
4) daşary ýurt önümçiliginiň audiowizual önüminiň iň köp paýyny;
5) aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma bermegiň iň ýokary möçberlerini we aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma berilmegi nazarda tutulýan teleradioönümleriň toplumlarynyň (teleradiogepleşikleriň) takmynan sanawyny (žanrlar boýunça);
6) teleradioönümleriň toplumlaryny (teleradiogepleşikleri) žanr taýdan paýlamagy.
3. Teleradioýaýradyşyň maksatnamalaýyn konsepsiýasynyň esasyny aşakdaky teleradioönümler düzmelidir:
1) maglumat-analitiki;
2) publisistik;
3) medeni-çeper;
4) ylmy aň-bilim;
5) güýmenje.
21-nji madda. Teleradioýaýradyş bilen baglanyşykly işi ygtyýarlylandyrmak
Teleradioýaýradyş bilen baglanyşykly iş «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ygtyýarlylandyrylmaga degişlidir.
22-nji madda. Teleradioýaýradyşyň maksatlary üçin radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşy
Teleradioýaýradyşyň maksatlary üçin radioýygylyk spektrini ulanmak bilen bagly iş «Radioýygylyk spektri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.
23-nji madda. Hökmany teleradioýaýlymlaryň sanawynyň döredilmegi
1. Ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi çygrynda döwlet syýasatyny düşündirmek we Türkmenistanyň ýeke-täk maglumat giňişligini aýap saklamak hem-de üpjün etmek, onuň medeni mirasyny aýap saklamak we ösdürmek maksady bilen, durmuş ähmiýetli maglumatyň jemini düzýän we teleradioýaýradyşyň köpýaýlymly torlary boýunça Türkmenistanyň bütin çägine ýaýratmak üçin hökmany bolan teleradioýaýlymlaryň bukjasy döredilýär.
2. Hökmany teleradioýaýlymlaryň sanawy bäsleşik esasynda döredilýär.
Hökmany teleradioýaýlymlaryň sanawyny döretmek boýunça bäsleşigi geçirmek hakyndaky karary teleradio babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy kabul edýär.
Bäsleşigi geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
24-nji madda. Erkin we şertli elýeter teleradioýaýlymlaryň sanawynyň döredilmegi
1. Erkin elýeter teleradioýaýlym seretmek hukugy üçin sarp edijilerden töleg almazdan adamlaryň çäklendirilmedik topary üçin ýaýradylýan teleradioýaýlymdyr.
2. Erkin elýeter teleradioýaýlymlaryň sanawy hökmany teleradioýaýlymlaryň sanawyndan, şeýle hem ýurduň we daşary ýurt döwletleriniň teleradioýaýlymlaryndan durýar.
3. Hökmany teleradioýaýlymlardan başga, erkin elýeter teleradioýaýlymlaryň sanawyny döretmek teleradioýaýradyşyň operatorlary tarapyndan teleradioguramalar bilen şertnamalaýyn şertlerde amala aşyrylýar.
4. Şertli elýeter teleradioýaýlym seretmek mümkinçiligi teleradioýaýradyşyň operatory bilen muzdly şertnamanyň esasynda sarp edijilere üpjün edilýän teleradioýaýlymdyr.
25-nji madda. Teleradioönümleriň toplumlaryny (teleradiogepleşikleri) aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma bermek
1. Türkmenistanyň çäginde teleradioönümleriň toplumlaryny (teleradiogepleşikleri) aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma bermek çäklendirilmeýär.
2. Aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma bermäge maksady bolan we teleradioönümleriň toplumlaryny (teleradiogepleşikleri) öndürijiden muňa rugsady bolan teleradioýaýradyjy aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma berilmäge niýetlenen teleradioönümleriň toplumlarynyň (teleradiogepleşikleriň) mazmunyny Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna uýgunlaşdyrmaga borçludyr.
Döwlet diline terjime aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma berilýän teleradioönümleriň toplumlarynyň (teleradiogepleşikleriň) mazmunyna üýtgetmeleriň girizilmegi diýlip hasap edilmeýär.
3. Teleradioönümleriň toplumlaryny (teleradiogepleşikleri) aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma bermek hukugy teleradioýaýradyş üçin ygtyýarnama bilen kesgitlenilýär.
4. Teleradioönümleriň toplumlaryny (teleradiogepleşikleri) aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma bermek bilen baglanyşykly hukuk gatnaşyklary awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
5. Teleradioýaýradyjy tarapyndan aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma bermek üçin göz öňünde tutulan teleradioönümleriň toplumlaryny (teleradiogepleşikleri) aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma bermegiň ýokary möçberleri we teleradioönümleriň toplumlarynyň (teleradiogepleşikleriň) takmyny sanawy (žanrlar boýunça) teleradioguramanyň teleradioýaýradyşyň maksatnamalaýyn konsepsiýasy bilen kesgitlenilýär.
Ýurduň teleradioýaýlymlarynyň teleradioýaýradyşynyň hepdelik möçberinde daşary ýurt teleradioýaýlymlarynyň teleradioönümleriniň toplumlaryny (teleradiogepleşiklerini) aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma bermek teleradioönümleriň toplumlarynyň umumy möçberiniň ýigrimi göteriminden ýokary geçmeli däldir.
26-njy madda. Teleradioýaýlymlaryň emeli hemra arkaly özbaşdak kabul edilişi
1. Teleradioýaýlymlaryň emeli hemra arkaly özbaşdak kabul edilişi soňra aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma bermek hukugy bolmazdan özbaşdak emeli hemra kabul ediş enjamlary arkaly emeli hemra aragatnaşyk ýaýlymlary boýunça teleradioýaýlymlaryň fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan kabul edilmegidir.
2. Telewizion signalynyň emeli hemra arkaly özbaşdak kabul edilmegini üpjün etmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde resmileşdirilen emeli hemra arkaly telewizion signalynyň özbaşdak kabul edilmegini enjamlaşdyrmak üçin laýyklyk sertifikaty ulanylmalydyr.
3. Ilatly nokatlary abadanlaşdyrmak, ýaşaýyş jaýlaryny, beýleki binalary we desgalary saklamak babatda döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini üpjün etmek maksady bilen, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan jaýlaryň, desgalaryň we ýanaşyk çäkleriň howpsuzlygy boýunça tehniki dessura laýyklykda özbaşdak emeli hemra kabul ediş enjamlaryny ýerleşdirmek boýunça talaplar bellenilýär.
27-nji madda. Teleradioýaýlymlary köpçülikleýin kabul etmegiň ulgamlary
1. Teleradioýaýlymlary köpçülikleýin kabul etmegiň ulgamy bir jaýyň çäklerinde teleradioýaýlymlary kabul etmek mümkinçiligini üpjün edýän tehniki serişdeleriň toplumydyr.
2. Täjirçilik maksatlary göz öňünde tutulan teleradioýaýlymlary köpçülikleýin kabul etmek ulgamyny guramak boýunça iş kabel teleradioýaýradyşa deňleşdirilýär we ygtyýarlylandyrylmaga degişlidir.
3. Täjirçilik maksatlaryny göz öňünde tutmaýan teleradioýaýlymlary köpçülikleýin kabul etmek ulgamy diňe jaý eýeleriniň ýazmaça razylygy bilen bellenilip bilner.
4. Teleradioýaýlymlary köpçülikleýin kabul etmek ulgamy teleradioýaýradyşyň beýleki operatorlarynyň ýaýradyş hiline täsir etmeli däldir.
28-nji madda. Ýaýradyşyň başlanmagy
1. Teleradioýaýradyjy degişli ygtyýarnamany alan gününden alty aýdan gijä galman ýaýradyş işine başlamaga haklydyr. Ýaýradyş işine başlamak hakynda ol ýaýradyş işine başlamaga çenli on gün möhletde ýaýratmaga ygtyýarnama beren ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasyna habar bermäge borçludyr.
2. Ygtyýarnamada görkezilmedik çäkde ýaýradyş işine, şeýle hem ýaýradyş ýaýlymynyň kärendesine we tirkeşikli kärendesine berilmegine ýol berilmeýär.
29-njy madda. Teleradioönümleriň toplumlarynyň (teleradiogepleşikleriň) öndürilişi
1. Teleradioönümleriň toplumlarynyň (teleradiogepleşikleriň) önümçiligi teleradioönümleriň toplumlaryny (teleradiogepleşikleri) öndüriji ýa-da teleradioýaýradyjynyň özi tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Teleradioýaýradyjy bilen teleradioönümleriň toplumlaryny (teleradiogepleşikleri) öndürijiniň arasyndaky gatnaşyklar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde baglaşylan şertnama bilen düzgünleşdirilýär.
3. Teleradioýaýradyjy we teleradioönümleriň toplumlaryny (teleradiogepleşikleri) öndüriji eýeçiliginiň görnüşine we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan döwlet buýrujysy hökmünde teleradio babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bolan teleradioönümleri (teleradiogepleşikleri) öndürmek we ýaýratmak boýunça döwlet buýurmasyny bäsleşik esasynda ýerine ýetirmäge haklydyr.
Teleradioönümleriň toplumlaryny (teleradiogepleşikleri) öndürmek we ýaýratmak boýunça döwlet buýurmalaryny döretmegiň, ýerleşdirmegiň, maliýeleşdirmegiň we ýerine ýetirmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
30-njy madda. Çykyş maglumatlary
1. Teleradioýaýradyjy ýaýradyşyň barşynda öz çykyş maglumatlaryny habar bermäge borçludyr, olara şular degişlidir:
1) teleradioönümiň ady;
2) teleradioönümiň ýaýlyma beriljek wagty;
3) awtoryň we ýaýlyma goýbermäge rugsat beren baş redaktoryň (redaktoryň) ady we familiýasy;
4) teleradioýaýradyjynyň ady we salgysy;
5) teleradioýaýradyjy tarapyndan ýerleşdirilip bilinjek beýleki maglumatlar.
2. Eger teleradioýaýradyjy günüň dowamynda ýaýlyma çyksa, ol azyndan dört gezek, galan ýagdaýlarda ýaýlyma çykmagyň başynda we soňunda öz çykyş maglumatlaryny yglan etmelidir.
31-nji madda. Teleradioýaýradyşyň bes edilmegi
1. Eger ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti uzaldylmasa, onda teleradioýaýradyş üçin ygtyýarnamanyň möhletiniň tamamlanmagy ýa-da şu Kanunyň we işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda teleradioýaýradyş üçin ygtyýarnamanyň togtadylmagy ýa-da yzyna alynmagy (ýatyrylmagy) teleradioýaýradyşy bes etmek üçin esaslar bolup durýar.
2. Ygtyýarnamanyň hereket ediş möhletiniň gutaran ýa-da ýatyrylan gününden bir gije-gündiziň içinde ygtyýarnamanyň eýesi teleradioýaýradyşy bes etmäge borçludyr.
3. Ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda resmi habar alnandan soň teleradioýaýradyşyň dowam etdirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda teleradioýaýradyjynyň we teleradioýaýradyşyň degişli operatorynyň jogapkärçiligine eltýär.
32-nji madda. Habarçy nokatlarynyň, şahamçalarynyň we wekillikleriniň döredilmegi
1. Teleradioguramalar Türkmenistanyň çäginde we onuň çäklerinden daşarda habarçy nokatlaryny, şahamçalaryny we wekilliklerini döretmäge haklydyrlar.
2. Habarçy nokatlary, şahamçalary we wekillikleri teleradioguramalaryň gurluş düzüm birlikleridir we olaryň bähbitlerine wekilçilik edýärler.
3. Habarçy nokatlarynyň, şahamçalarynyň we wekillikleriniň teleradioguramanyň teleradioýaýradyş ýaýlymynda özbaşdak ýaýradyş işine hem-de maglumat we mahabat sergilerini amala aşyrmaga hukugy ýokdur.
33-nji madda. Teleradioguramanyň işgärleriniň akkreditasiýasy
Teleradioguramanyň döwlet häkimiýet edaralarynda we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda, akkreditasiýanyň tertibi hereket edýän edaralarda, guramalarda we kärhanalarda «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, olaryň işini şöhlelendirmek üçin öz işgärlerini akkreditirlemäge hukugy bardyr.
34-nji madda. Beýleki teleradioguramalaryň teleradioönümleriniň toplumlaryny (teleradiogepleşiklerini) peýdalanmaga bolan rugsat
1. Beýleki teleradioguramalaryň teleradioönümleriniň toplumlaryny (teleradiogepleşiklerini) peýdalanmak «Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Daşary ýurt teleradioguramalarynyň teleradioönümleriniň toplumlary (teleradiogepleşikleri) ýaýradylanda olara haýsydyr bir üýtgetmeleri girizmek gadagandyr, audiowizual önümiň eýeleri bilen ylalaşyklaryň kesgitlenilen ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlary muňa degişli däldir.
35-nji madda. Audiowizual eserleriň hasaba alnyşy we olaryň nusgalaryny (ýazgylaryny) saklamagyň tertibi
1. Her bir teleradiogurama teleradioguramanyň ýaýlyma beren ýa-da aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma beren teleradioönümleriniň hasaba alnyş kitabyny ýöretmäge borçludyr.
2. Teleradioönümleriň hasaba alnyş kitabynda şular bellenilýär:
1) teleradioönümiň ýaýlyma çykan senesi, başlan we gutaran wagty;
2) teleradioönümiň ady we temasy;
3) teleradioönümiň awtorlarynyň we alyp baryjylarynyň familiýalary;
4) teleradioönümiň dili.
3. Teleradioönümleriň hasaba alnyş kitaby onda soňky ýazgynyň gününden alty aýyň dowamynda teleradiogurama tarapyndan saklanylýar.
4. Teleradioguramanyň ýaýlyma beren ýa-da aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma beren ýa-da olaryň ýaýlyma berilmegini üpjün eden teleradioönümleriniň ählisi ýazylmalydyr we eger bu möhletde onuň mazmuny babatda şikaýat gelip gowuşmasa, olaryň ýaýradylan senesinden ýedi günüň dowamynda saklanylmalydyr.
5. Teleradioönümleriň mazmuny babatda şikaýat berlende şikaýata garalýança we ol boýunça çözgüt bellenilen tertipde kabul edilýänçä onuň ýazgysy saklanylýar.
6. Taryhy, çeperçilik, medeni ýa-da başga gymmaty bolan teleradioönümleri uzakmöhletleýin saklamagyň şertleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.
36-njy madda. Resmi habarlaryň we beýleki hökmany maglumatlaryň ýaýradylmagy
1.Teleradioguramalar döwlet häkimiýet edaralarynyň resmi habarlaryny Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertibe laýyklykda berýärler.
2. Teleradioguramalar eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan adatdan daşary ýagdaýlar hakyndaky habarlary halka mugt ýaýratmaga borçludyrlar. Teleradioýaýradyşy bu maksatlar bilen peýdalanmaga bolan hukuk adatdan daşary ýagdaý şertlerinde karar kabul etmäge ygtyýarly döwlet häkimiýet edaralaryna we wezipeli adamlara degişlidir.
3. Döwlet teleradioguramalary Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň deputatlyk işiniň meseleleri boýunça çykyşlaryna mümkinçilikleri üpjün etmek üçin wagty we görnüşleri göz öňünde tutmaga borçludyrlar. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň başga meseleler boýunça teleradiogepleşiklere gatnaşmagy umumy esaslarda amala aşyrylýar.
37-nji madda. Teleradioguramalaryň saýlaw geçirilýän wagtyndaky işi
Teleradioguramalaryň saýlaw geçirilýän döwürdäki işiniň aýratynlyklary Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi bilen düzgünleşdirilýär.
38-nji madda. Aýratyn ýagdaýlardaky ýaýradyş
1. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanda ýa-da onuň aýry-aýry ýerlerinde adatdan daşary we (ýa-da) harby ýagdaý wagtynda teleradioguramalaryň aýratyn iş düzgüni bellenilip bilner.
2. Adatdan daşary we (ýa-da) harby ýagdaý wagtynda ýaýradyşy düzgünleşdirmegiň aýratynlyklary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.
39-njy madda. Teleradioönümleriň toplumynda (teleradiogepleşiklerde) mahabat
Teleradioguramalar öz teleradioönümleriniň toplumynda (teleradiogepleşiklerinde) mahabaty «Mahabat hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan tertipde ýerleşdirmäge haklydyrlar.
40-njy madda. Teleradioönümleriň döredilmegine hemaýatkärleriň gatnaşmagy
1. Teleradioýaýradyjylar ýa-da teleradioönümleriň toplumlaryny (teleradiogepleşikleri) öndürijiler bolup durmaýan ýuridik we fiziki şahslar öz adyny, söwda markasyny, işiniň görnüşini ýa-da abraýyny ýaýratmak maksady bilen, göni ýa-da beýleki bir tarapyň üsti bilen maliýeleşdirmek arkaly teleradioönümleriň öndürilmegine gatnaşyp bilerler.
2. Hemaýatkär tarapyndan maliýeleşdirilýän teleradioönümlerde hemaýatkär hakyndaky maglumatlar (atlandyrylyşy ýa-da ady, söwda ýa-da firma markasy, nyşany) olaryň başynda we ahyrynda titrler ýa-da diktoryň sözi bilen anyk we takyk bellenilmelidir.
3. Hemaýatkäriň maglumatlary (salgysy, telefony, hasaplaşyk hasaby we beýleki maglumatlary), şeýle hem harydyň ýa-da hyzmatlaryň sarp edijilik hili görkezilmeýär.
4. Teleradioönümiň ýaýlyma berilýän wagtynda hemaýatkärler hakynda maglumaty islendik görnüşde ýa-da başga usul bilen habar bermek gadagandyr.
5. Hemaýatkär tarapyndan maliýeleşdirilýän teleradioönümler ýaýlyma berlende onuň harytlarynyň ýa-da hyzmatlarynyň görnüşleriniň adyna bolan göni ýa-da gizlin salgylanmalary özünde saklamaly däldir.
6. Hemaýatkärleriň teleradioönümleriň wagtyna we mazmunyna täsir etmäge, şeýle hem teleradioguramalaryň we olaryň işgärleriniň hünär işine gatyşmaga hukugy ýokdur.
7. Täzelikleriň goýberilişi we syýasy maglumat toplumlary hemaýatkärleriň maliýe kömeginde taýýarlanylyp bilinmez.
8. Esasy işi harytlary öndürmek ýa-da ýerlemek we hyzmatlary etmek bolup, olaryň telewideniýedäki we (ýa-da) radiodaky mahabaty bolsa «Mahabat hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda gadagan edilen ýuridik we fiziki şahslar hemaýatkärler bolup çykyş edip bilmezler.
41-nji madda. Teleradioýaýradyş çygrynda bäsdeşlik
1. Teleradioguramalar öz işini amala aşyranlarynda Türkmenistanyň antimonopol kanunçylygyny berjaý etmelidirler we adalatsyz bäsdeşlige ýol bermeli däldirler.
2. Teleradioýaýradyş çygrynda ykdysady bäsdeşligi ösdürmek üçin şertler Türkmenistanyň antimonopol kanunçylygy bilen bellenilýär.
42-nji madda. Teleradioguramalaryň işinde dilleriň ulanylyşy
1. Teleradioguramalar teleradioönümleriň ýaýlyma berlişini döwlet we beýleki dillerde alyp barýarlar.
Teleradioguramanyň teleradioönümleriniň toplumlarynyň (teleradiogepleşikleriniň) dili (dilleri) teleradioýaýradyş üçin ygtyýarnamanyň şertleri bilen kesgitlenilýär.
2. Her bir teleradioguramanyň teleradioönümi ýaýratmagynyň umumy möçberinde we wagtynda teleradioönümleriň toplumlarynyň (teleradiogepleşikleriň) ýarysyndan gowragy döwlet dilinde alnyp barylmalydyr.
Haçan-da önümiň ýaýlyma berlişi döwlet dilinde alnyp barylsa, milli (umumydöwlet) teleradioýaýradyş üçin ýaýlym wagtynyň paýy gije-gündizki teleradioýaýradyşyň umumy möçberiniň azyndan 75 göterimini düzmelidir.
3. Eger filmiň we (ýa-da) beýleki teleradioönümiň asyl nusgasynyň (ýa-da dublirlemegiň) dili döwlet dili bolmasa, şeýle filmler we (ýa-da) teleradioönümler olary döwlet dilinde ses dublirlemegiň şertinde ýaýlyma berilýär.
4. Daşary ýurt auditoriýasy üçin ýaýradyş döwlet we degişli daşary ýurt dillerinde alnyp barylýar.
43-nji madda. Teleradioýaýradyş torlary
1. Teleradioýaýradyş torlary aragatnaşyk hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, telekommunikasiýalaryň ýeke-täk torunyň düzüm birligidir, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň çäginde teleradioýaýlymlaryny ýaýratmak hem-de ýaýlyma bermek üçin ulanylýan ýerüsti we emeli hemra ulgamlarynyň ýeke-täk önümçilik-tehnologik toplumyny düzýärler.
2. Döwlet teleradioýaýlymlaryny ýaýratmak we ýaýlyma bermek üçin teleradioýaýradyşyň operatorlarynyň tehniki serişdelerini peýdalanmak bilen, telekommunikasiýalaryň ýeke-täk toruna esaslanýan teleradioýaýradyşyň umumydöwlet we sebit torlary döredilýär. Hususy teleradioguramalar öz teleradioýaýlymlaryny ýaýratmak we ýaýlyma bermek üçin hem özüniň, hem baglaşylan şertnamanyň şertlerinde telekommunikasiýalaryň beýleki torlaryny peýdalanmaga haklydyrlar.
44-nji madda. Milli (umumydöwlet) teleradioýaýradyşyň bähbitleriniň goralyşy
1. Ýurduň teleradioýaýlymlarynyň teleradioýaýradyşynyň hepdelik möçberiniň azyndan 50 göterimini ýurduň teleradioönümleriniň toplumlary (teleradiogepleşikleri) we türkmen awtorlarynyň ýa-da ýerine ýetirijileriniň saz eserleri düzmelidir.
2. Teleradioönümleriň toplumy ýaýlyma berlende ýa-da aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma berlende onuň döwlet diline terjimesi ses dublirleme görnüşinde amala aşyrylýar.
3. Pornografik we ýörite jynsy-erotik häsiýetli teleradioönümleriň toplumlarynyň ýaýlyma çykmagy, şeýle hem kino we wideoönümleriniň görkezilmegi, rehimsizlik we zorluk ynançlarynyň wagyz edilmegi gadagandyr.
45-nji madda. Teleradioýaýradyşyň tehniki serişdeleriniň we enjamlarynyň sertifikatlaşdyrylyşy
Teleradioýaýradyşyň tehniki serişdeleriniň we enjamlarynyň sertifikatlaşdyrylmagy «Sertifikatlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
V BAP. TELERADIO BABATYNDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI
46-njy madda. Teleradio babatynda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar
1. Teleradio babatda döwlet syýasatyny Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, şeýle hem teleradio babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralary amala aşyrýarlar.
2. Teleradio babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralaryna şular degişlidir:
1) telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy;
2) teleradio işi bilen baglanyşykly böleginde aragatnaşyk babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy.
47-nji madda. Teleradio babatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, şu Kanunyň, teleradio babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we halkara şertnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;
2) teleradio babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär;
3) teleradio babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralarynyň işiniň kadalaşdyryjy hukuk taýdan düzgünleşdirmesini amala aşyrýar;
4) teleradio babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklaýar;
5) halkara standartlarynyň we tejribesiniň, türkmen halkynyň taryhynyň we özboluşlylygynyň we bazar ykdysadyýetiniň ýörelgeleriniň esasynda teleradio ulgamynyň ösdürilmegine ýardam edýär;
6) teleradio ulgamyny ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň döwlet maksatnamalaryny kabul edýär we ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;
7) teleradionyň subýektleriniň döwlet goldawyny guraýar;
8) teleradio babatda daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy üpjün edýär;
9) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, teleradio babatda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
48-nji madda. Teleradio babatynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralarynyň ygtyýarlyklary
1. Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy:
1) teleradio babatda döwlet syýasatyny amala aşyrýar;
2) teleradio ulgamyny ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär;
3) teleradio babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar;
4) teleradioýaýradyş babatda ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrýar;
5) teleradioguramalaryň sanawyny ýöredýär;
6) teleradioýaýradyşyň döwlet guramalarynyň maddy-tehniki binýadynyň ösdürilmegine ýardam edýär;
7) teleradioguramalara usulyýet kömeginiň berilmegini üpjün edýär;
8) teleradioguramalaryň işgärleriniň taýýarlygyny, gaýtadan taýýarlygyny we hünäriniň ýokarlandyrylmagyny guraýar;
9) teleradionyň işgärleriniň maddy we ruhy höweslendirmesiniň çäresini amala aşyrýar;
10) teleradioýaýradyşyň meseleleri boýunça jemgyýetçilik geňeşleriniň döredilmegine ýardam edýär;
11) teleradio babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini üpjün edýär;
12) teleradio babatda döwlet we halkara derejeli çäreleri guraýar we geçirýär;
13) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, teleradio babatda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
2. Teleradioýaýradyş işi bilen baglanyşykly böleginde aragatnaşyk babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy «Aragatnaşyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
49-njy madda. Teleradiony ösdürmek boýunça topar
1. Teleradio babatda jemgyýetçilik bähbitlerini hasaba almak we goramak, şeýle hem ilatyň teleradioönümleriň toplumlaryna isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda maslahat beriji edara — Teleradiony ösdürmek boýunça topar döredilýär.
2. Teleradiony ösdürmek boýunça toparyň esasy wezipeleri şulardyr:
1) teleradio babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak;
2) hökmany teleradioýaýlymlaryň sanawyny döretmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak;
3) teleradioýaýradyşyň maksatlary üçin ýygylyklaryň, radioýygylyklaryň (radioýygylyk ýaýlymlarynyň) zolaklaryny paýlamak boýunça bäsleşige gatnaşmak üçin dalaşgärleriň ýüztutmalaryna garamak we olaryň ýeňijilerini döredijilik, tehniki we maliýe tekliplerini hasaba almak bilen kesgitlemek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak.
3. Teleradiony ösdürmek boýunça topar işlenip taýýarlanylan teklipleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýär.
4. Teleradiony ösdürmek boýunça topar hakynda düzgünnama Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
VI BAP. TELERADIO BABATYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGY
50-nji madda. Teleradioguramalaryň halkara hyzmatdaşlygy
Teleradioguramalaryň teleradio babatda daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen halkara hyzmatdaşlygy halkara şertnamalarynyň we ylalaşyklarynyň esasynda amala aşyrylýar.
51-nji madda. Daşary ýurt teleradioguramalarynyň wekilleriniň işi we daşary ýurt teleradioýaýlymlarynyň Türkmenistanyň çäginde ýaýradylyşy
1. Daşary ýurt teleradioguramalarynyň wekilleriniň akkreditasiýasy Türkmenistanyň degişli teleradioguramalarynyň ýa-da daşary ýurt teleradioguramalarynyň hödürnamasy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan geçirilýär.
2. Daşary ýurt teleradioguramalarynyň akkreditirlenen wekilleriniň teleradioguramanyň işgäriniň şu Kanunda göz öňünde tutulan hukuklary we borçlary bardyr.
3. Bellenilen tertipde Türkmenistanda akkreditirlenmedik daşary ýurt teleradioguramalarynyň wekilleri öz işini daşary ýurt ýuridik şahslaryň işgärleri hökmünde amala aşyrýarlar.
4. Daşary ýurt teleradioýaýlymlary Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda we teleradio babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynda olar hökmany hasaba goýlan şertinde ýaýradylýar.
VII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
52-nji madda. Şu Kanunyň bozulmagy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
53-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girýär.
2. Şu Kanuna laýyk getirilýänçä hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanuna garşy gelmeýän böleginde ulanylýar.
3. Şu Kanunyň herekete girmegine çenli teleradio (teleradioýaýradyş) üçin berlen ähli ygtyýarnamalar olarda kesgitlenen belli bir hereket ediş möhletiniň gutarmagyna çenli hereket edýärler. Teleradio (teleradioýaýradyş) üçin ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti uzaldylanda ol şu Kanunyň talaplaryna we işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berilýär.
4. Teleradioguramalar şu Kanunyň herekete giren gününden alty aýyň içinde şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda öz tertipnamalaryny tassyklamalydyrlar we gaýtadan bellige aldyrmalydyrlar.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri. 2018-nji ýylyň 5-nji ýanwary.